Türkmenistan Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek barada konwensiýa goşulmagy meýilleşdirýär

27.01.2024, 00:347,931

Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek barada konwensiýasyna Türkmenistanyň goşulmagy boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu barada  Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M. Çakyýew habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, dünýä standartlaryna laýyklykda deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek, daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek barada konwensiýasyna Türkmenistanyň goşulmagy boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak,  ýurdumyzyň deňiz flotuny giňeltmek, Türkmenbaşy halkara deňiz portunda  ýük akymlaryny artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, deňiz we derýa pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi hem-de  Agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşydy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.