Türkmenistan Katar bilen bilelikdäki Işewürler forumynyň nobatdaky mejlisini geçirmek meselesini maslahatlaşdy

01.02.2024, 17:174,796
1 / 2

31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katardaky ilçisi M.Seýitmämmedow bu ýurduň Söwda–senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Ahmed Tawar Al Kuwary bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-Katar Işewürler forumynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üstünde durlup geçildi.


Şeýle hem Türkmenistanyň ilçisi M.Seýitmämmedow 30-nji ýanwardada Katar Döwletiniň Bilim, terbiýe we ýokary bilim ministri Buthaina bint Ali Al Jabr Al Nuaimi bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurtlaryň arasyndaky bilim pudagyndaky gatnaşyklar hem-de olary ösdürmegiň we berkitmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.