2024-nji ýylda Astanada Merkezi Aziýa we Ýaponiýanyň birinji ýokary derejeli Sammitini geçirmek meýilleşdirilýär

01.02.2024, 18:173,254

31-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili Ikegami Masaki bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Duşuşykda taraplar 2024-nji ýylda Astanada meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa we Ýaponiýanyň birinji ýokary derejeli Sammitini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar we 2024-nji ýylda, Ýaponiýanyň başlangyjy bilen döredilen, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyna 20 ýyllygynyň dolýandygy bellenildi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda däbe öwrülen uzak möhletli dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.