Raşid Meredow Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy Hakan Fidan bilen telefon arkaly gürleşdi

01.02.2024, 18:3510,468

1-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Taraplar iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryna seredip geçdiler.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli aragatnaşyk saklamagy ylalaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.