Türkmenistan fewral aýynda Gyrgyzystana kömek hökmünde muzdsuz suwuklandyrylan gaz iberer

02.02.2024, 22:2317,201

Türkmenistan Gyrgyz Respublikasynyň energetika pudagynda ýüze çykýan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwer kömegini iberer. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2-nji fewralda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni 2 müň tonna möçberindäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz iberer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.