Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy, Köpetdag etrabynyň häkimi käýinç aldy

10.02.2024, 01:0915,940

Özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin A.Aramow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, etrabyň çäginde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerinde kemçiliklere ýol berendigi üçin Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimi Röwşen Hydyrowa käýinç yglan edildi.
Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.