Balkan welaýatynyň Bereket we Türkmenbaşy etraplarynyň häkimleri wezipesinden boşadyldy

10.02.2024, 02:2812,629

Özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin N.Gylyjow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu wezipä Aşyrmyrat Öwezowy belledi hem-de ony Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin K.Kürenowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä Meýlis Mergenowy belledi.
Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.