Lebap welaýatynyň Hojambaz we Çärjew etraplarynyň häkimleri wezipesinden boşadyldy

10.02.2024, 02:4521,183

Prezident Serdar Berdimuhamedow özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin M.Erkaýewi Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutany bu wezipä Erkin Açylowy belläp, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin A.Rozyýewi Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä Astanogly Seýidowy belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.