Türkmenistanda bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy

10.02.2024, 09:1254,489

Türkmenistanyň Prezidenti bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap:

  • bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberde;
  • nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde;
  • ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde bellenildi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.