"Halkbank" PTB-niň başlygy täzelendi

12.02.2024, 22:5925,592

Myrat Arabow “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň  müdiriýetiniň başlygy  wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Myratgeldi Jepbarow bellenildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynda bu bankyň müdiriýetiniň başlygy Myrat Arabowy wezipesinden boşatmak hakynda karar kabul edildi.
Şeýle hem şol ýygnakda Myratgeldi Jepbarowy "Halkbank" PTB-niň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak çözgüdi kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli karary bilen, resminamalary tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.