Türkmen diplomatlary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandylar

19.02.2024, 23:4811,609

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullukda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň şu işgärleri «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy:

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Sapar Berdiniýazow,
  • Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weterany Aman-Geldi Öwezowiç Baýramow,
  • Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weterany Wladimir Akimowiç Kadyrow,
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Kakajan Mommadow,
  • Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Tahirowiç Durdyýew,
  • Soltan Pirmuhammedow (merhum).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.