Ýene 124 günden. Magtymguly Pyraga bagyşlanan portalda 300 ýyllyk ýubileýe galan wagt hasaplanyp başlandy

22.02.2024, 15:427,767

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli açylan internet neşirinde beýik şahyryň ýubileý ýylynyň bellenjek gününe çenli wagt sanalyp başlandy.

magtymgulypyragy.gov.tm internet neşirinde şahyryň ömri we döredijiligi barada maglumatlar, ylmy makalalar, “Türkmenfilm” birleşiginiň taýýarlan wideogörnüşli önümleri ýerleşdirilipdir.
Media ulgamynda belli senäniň geçiriljek senesini yzlygyna sanamak düzgüni adatça şanly senä galan 125-nji günden hasaplanyp başlanýar. 
Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenip geçilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.