TÜRKSOÝ-da Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler badalga aldy

22.02.2024, 10:558,211
1 / 2

20-nji fewralynda Ankara şäherinde ýerleşýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynda, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi, şeýle hem Beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna mynasybetli taýýarlanan banneriň açylyş dabarasy geçirildi.

TÜRKSOÝ-yň binasynyň öňünde geçirilen dabara, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we KHBS-iň wekilleri gatnaşdy.
Şeýlelikde, bu çäre medeni-ynsanperwer nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara jemgiýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.