Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň Imperatoryny gutladylar

23.02.2024, 15:586,072

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy hem-de Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

“Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginde we ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýärin” diýip, döwlet Baştutany hatynda nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.