PFL vs. Bellator: Ferreýra bary-ýogy 21-nji sekuntda Beýderi nokauta gidirdi

25.02.2024, 11:1028,701

24-nji fewraldan 25-nji fewrala geçilen gije Er-Riýadda (Saud Arabystany) PFL vs. Bellator ýaryşynyň çäklerinde iki guramanyň çempionlary Raýan Beýder bilen Renan Ferreýranyň arasynda agyr agramda söweş geçirildi. Bu barada meteratings.ru belleýär.

Söweş Ferreýranyň birinji raundyň 21-nji sekuntynda tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. 
40 ýaşly Beýder öňki söweşini 2023-nji ýylyň fewral aýynda Bellator 290 ýaryşynda geçirip, Fýodor Ýemelýanenkony birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi. Onuň hasabynda 31 ýeňiş we sekiz ýeňliş bar.
34 ýaşly Ferreýra 2023-nji ýylyň noýabr aýynda PFL möwsüminiň finalynda Denis Golstowdan ikinji raundda tehniki nokaut bilen üstün çykdy. Onuň hasabynda 13 ýeňiş we üç ýeňliş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.