3-5-nji martda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler

27.02.2024, 09:485,053

2024-nji ýylyň 3 — 5-nji marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçiriler.

Çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek barada Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Söwda-senagat edarasyna hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine çäräniň guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.

Bellenilişi ýaly, bu resminama türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.