24-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň duşuşygy geçiriler

27.02.2024, 05:025,544

27-nji fewralda Minskide GDA agza döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Mejlisiň gün tertibinde GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlislerinde wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça ýol kartasyny ýerine ýetirmek meselesi bar. Şeýle hem 2023-nji ýylda halkara giňişliginde GDA-nyň daşary syýasat hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ornuna garalar.
Şeýle hem taraplar GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji maýda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň taslamasyna gararlar.
Bu barada GDA-nyň Internet-portaly habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.