Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

01.03.2024, 13:3411,150

Şu gün, 1-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin, iş sapary bilen ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar ugratdylar diýip, TDH habar berýär.
Şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirildi.
Şeýle hem forumyň açylyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyş etmegine garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.