Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda resminama gol çekdi

01.03.2024, 23:1720,249

16-njy martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. 1-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli resminama gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýew ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän giň gerimli işler, hususan-da,  ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hususan-da, ýurdumyzda, şol sanda Arkadag we Aşgabat şäherlerinde ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin görülýän çäreler barada aýdyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.