Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi açyldy we iki ýurduň işewürler maslahaty geçirildi

04.03.2024, 23:437,183
1 / 4

4-nji martda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi.

Bu çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň, kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň wekilçilikli topary Aşgabada geldi.
Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň aglabasy özleriniň mümkinçiliklerini ýurdumyzda ilkinji gezek görkezýärler. Bu kompaniýalar köpugurly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.