Türkmenistanyň DIM-inde Ispaniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

13.03.2024, 23:394,920

13-nji martda Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýanyň Türkmenistanda ilçisi (Moskwa ş. oturýan ýeri) Markos Gomes Martinez bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibindäki häzirki meseleleri, hukuk binýady giňeltmek, şeýle hem ýokary derejeli aragatnaşyklary we medeni we ynsanperwer häsiýetli çäreleri guramaklygy ara alyp maslahatlaşdyar. Şonda bu saparyň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin nobatdaky ädim boljakdygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gazanylan şertnamalara laýyklykda diplomatik gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Ispan wekiliýetiniň saparynyň çäginde Türkmenistanyň 20-ä golaý ministrliginiň we müdirliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar bolar. Wekiliýetiň düzümi «Ibertest», «Nobargi», «Typsa», «Cesce», «Tubacex», «Almar Water», «Teltronic» we beýlekiler ýaly 11 sany ispan kompaniýasynyň wekillerini öz içine aldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.