Germaniýanyň ilçisiniň Türkmenistandaky ygtyýarlyklarynyň möhleti tamamlandy

15.03.2024, 09:243,236

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Bierhof ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýar. 14-nji martda ol Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri we olaryň mundan beýläkki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini bellemek bilen, bu ugurda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german toparynyň, bilelikdäki işewürlik forumlarynyň we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn aragatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň uly ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda R.Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçisine türkmen-nemes gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.