Türkmenistanda “Menzilara bank” ulgamy ulanyşa giriziler

15.03.2024, 22:3612,964

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky “Menzilara bank” ulgamyny işe girizmegi teklip edýär. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 15-nji martda Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer “Menzilara bank” ulgamynyň mümkinçilikleri barada habar berdi. Bank hyzmatlarynyň bu görnüşiniň işe girizilmegi nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine ýardam berer.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyny ulanyşa girizmek boýunça teklibini goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.