Türkmenistanyň Prezidenti gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp berdi

15.03.2024, 22:5312,361

Türkmenistanda gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şol sanda gowaça tohumlary hem-de oba hojalyk tehnikalary taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer T.Atahallyýew hasabat berdi.

Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanyna gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Şunuň bilen baglylykda, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda welaýatlarda tejribe maslahatlary geçiriler.
Serdar Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 27-nji martda gowaça ekişine
başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşululardan gowaça ekişine «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.