Sony World Photography Awards 2024 bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Eminler 400 müň suratdan iň gowularyny saýladylar

17.03.2024, 11:4812,554
1 / 21

Bütindünýä Fotografiýa Guramasy (World Photography Organisation) dünýäde iň abraýly surat bäsleşikleriniň biri bolan “Sony World Photography Awards 2024” bäsleşiginiň netijesini jemledi. Bu ýyl oňa 220-den gowrak ýurtdan we sebitden 395 000 töweregi surat iberildi.

Bäsleşigiň emin agzalary “Binagärlik”, “Döredijilik”, “Peýzaž”, “Durmuş stili”, “Hereket”, “Haýwanat dünýäsi we ýabany tebigat”, “Obýekt”, “Portret”, “Strit-fotografiýa” we “Syýahat” kategoriýalarynda 10 ýeňijini saýladylar.
Bäsleşigiň Gran-prisiniň eýesi 18-nji aprelde Londonda geçiriljek dabarada yglan ediler.
Sony World Photography Awards 2007-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Oňa hem professional fotograflar, hem höwesjeňler gatnaşyp bilýär.
TmCars okyjylaryny dünýäde iň abraýly foto-bäsleşikleriniň biriniň ýeňijileri we finalçylary bolan täsin suratlardan lezzet almaga çagyrýarys.

“HAÝWANAT DÜNÝÄSI WE ÝABANY TEBIGAT” kategoriýasy

“SYÝAHAT” kategoriýasy

«HEREKET» kategoriýasy

Beýleki kategoriýalar

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.