Türkmen ilçisi Kataryň ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

20.03.2024, 12:542,344

17-nji martda Türkmenistanyň DOhadaky ilçisi M.Seýitmämmedow Kataryň ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaými bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Taraplar ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki ädimlere garadylar, şeýle hem ýakynda Katara iş saparyny amala aşyran Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň duşuşygynyň netijelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar 2024-nji ýylda Türkmenistanda bolşy ýaly, Katarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara we olimpiadalara gatnaşmagyny tassykladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.