Serdar Berdimuhamedow Katerina Sakellaropulany Gresiýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

25.03.2024, 01:343,381

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula hem-de ýurduň halkyna Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Katerina Sakellaropula tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gresiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.