Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň häkimine we orunbasaryna berk käýinç yglan etdi

12.04.2024, 07:4932,837

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Gandymow Rahym Nurgeldiýewiçe we Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Gurbanow Baýrammyrat Myradowiçe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurdy. Degişli Buýruga döwlet Baştutany 11-nji aprelde gol çekdi.

Resminamada bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň häkimine berk käýinç degişli ýolbaşçylara wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, tabynlygyndaky düzümlere gözegçiligi gowşadandygy we Aşgabat şäherinde abadanlaşdyryş hem-de arassaçylyk işlerini geçirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin yglan edildi.
Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasaryna berk käýinç wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin yglan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.