Türkmenistan 2029-njy ýyla çenli BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi

12.04.2024, 14:154,030

9-njy aprelde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi.

Geçirilen saýlawlaryň dowamynda EKOSOS-yň agzalary 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini bir agyzdan goldadylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Şeýlelik bilen, Türkmenistan 2020-nji ýylda saýlanandan soň agzalan Komissiýanyň agzasy hökmünde öz ýerine ýetirýän wezipelerini dowam etdirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.