Dana Uaýt UFC 300-de bonuslary 300 müň dollara çenli artdyrdy

13.04.2024, 09:5516,437

UFC-iň prezidenti Dana Uaýt 14-nji aprelde Las-Wegasda geçiriljek UFC 300 ýaryşynda söweşijiler üçin berilýän bonuslaryň artýandygyny habar berdi. Fight Night-yň bonuslary rekord derejede 300 müň dollar bolar, bu bolsa adaty mukdardan iki esse köpdür.

Bu karar söweşijileriň, hususan-da, Jastin Getži bilen Maks Holloueýiň tölegleriň köpelmegini talap eden çagyryşlaryna jogap hökmünde kabul edildi.
Fight Night-yň bonuslary üçin öňki iň ýokary dereje UFC 129-da 129 müň dollar diýip kesgitlendi.

"Taýýar, 300 müň dollar" diýip, Uaýt metbugat ýygnagynda aýtdy diýip,  “Çempionat” portaly onuň sözlerini getirýär.

Sport ýaryşynyň 14-nji aprele geçilen gije (Aşgabat wagty) Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) geçiriljekdigini ýatladýarys.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.