UFC 300: söweşleriň sanawy, göni ýaýlymda haçan we nirede görüp bolýar?

13.04.2024, 21:5522,485

UFC promouşeniniň köp garaşylan ýubileý UFC 300 ýaryşynyň wagty geldi. Bu uly waka 13-nji aprelden 14-nji aprele geçilýän gije Paradaýsdaky (ABŞ) “Ti-Mobaýl Arenada” geçiriler.

Ýaryş Aşgabat wagty bilen sagat 3:00-da başlar. Esasy sanawyň söweşleri 07:00-da (Aşg.) başlaýar. UFC 300 ýaryşyna göni ýaýlymda «Матч Боец» we «Матч!» teleýaýlymlarynda tomaşa edip bilersiňiz. Şeýle-de, ýaýlym UFC Fight Pass platformasynda elýeterli bolar.

Ýaryşyň esasy sanawy şu söweşlerden ybarat:

  • ·Bo Nikal – Kodi Brandeýj;
  • ·Çarlz Oliweýra – Arman Sarukýan;
  • ·Jastin Getji – Maks Holloueý;
  • ·Weýli Çžan – Sýaonan Ýan;
  • ·Aleks Pereýra – Jamal Hill.

Bu söweşlerden öň ýaryşyň deslapky söweşleri geçirilip, olarda şu aşakdakylar duşuşar:

  • ·Deýwison Figeýredu – Kodi Garbrandt;
  • ·Bobbi Grin – Jim Miller;
  • ·Jessika Andrade – Marina Rodriges;
  • ·Jalin Týorner – Renato Moýkano;
  • ·Sodik Ýusuff – Diego Lopes;
  • ·Holli Holm – Kaýla Harrison;
  • ·Kelwin Kattar – Aljameýn Sterling;
  • ·Irži Prohazka – Aleksandar Rakiç.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.