Maks Holloueý söweş gutarmagyna 1 sekunt galanda Getjini nokauta gidirip, BMF titulyny aldy

14.04.2024, 13:5118,355

14-nji aprelde irden (Aşgabat wagty bilen) Paradaýs şäherindäki (ABŞ) “Ti-Mobaýl Arenada” geçirilen ýubileý UFC 300 ýaryşynyň esasy söweşleriniň birinde Maks Holloueý bilen Jastin Getji duşuşdy. Olar BMF guşagy ugrunda göreşdiler.

Söweş ýeňil agramda geçirildi we bäş raund dowam etdi. Holloueý bilen Getji söweşiň dowamynda güýçli urgular bilen alyşdylar, ýöne ahyrynda Holloueý üstün çykdy. Ol bäşinji raundyň gutarmagyna bir sekunt galanda Getjini nokauta gidirdi.
Bu Holloueýiň karýerasynda 26-njy ýeňiş boldy. Onuň hasabynda ýedi ýeňliş hem bar. Getji bäşinji ýeňlişine sezewar boldy, onuň hasabynda 25 ýeňiş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.