Türkmenistanda ýyladyşhanalar üçin Döwlet sanitariýa kadalary tassyklanyldy

20.04.2024, 17:409,131

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýyladyşhanalaryň we ýyladyşhana hojalyklarynyň gurnalyşyna we ulanylyşyna bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalaryny tassyklady.  Degişli Buýruk Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlar portalynda çap edildi.

Bu Kadalar:

  • ýyladyşhanalaryň ýerleşdiriljek çäklerine;
  • ýyladyş we howa çalyşma ulgamlaryna;
  • suw we lagym üpjünçilik ulgamlaryna;
  • pestisidleri (awuly himikatlary), ösümlikleriň biologik gorag serişdelerini we mineral dökünleri ulanmak bilen bagly işleriň geçirilmegine; 
  • işgärleriniň goraglylygyna;
  • önümçiliginde işiň tertibini kadalaşdyrmaga (optimizasiýa);
  • hojalyk-durmuş hyzmatlarynyň gurnalyşyna;
  • daşky gurşawy goramaga;
  • işgärlere lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge bildirilýän talaplary kesgitleýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, ýyladyşhanalar gurnalanda şu aşakdaky talaplar berjaý edilmelidir:

  1. ýyladyşhanalar ýeriň relýefine görä ilatly ýerleriň derejesinden aşakda, ýeliň aşak akym ugrunda ýerleşdirilmelidir;
  2. ýyladyşhanalar ýer üsti we ýerasty suw çeşmeleriniň sanitariýa-gorag zolaklarynyň ölçeglerini berjaý etmek bilen ýerleşdirilmelidir;
  3. ýyladyşhanalaryň gurnalýan ýerlerinde ýerasty zeý suwlaryň ýatyş derejesi ýeriň üstki böleginden azyndan - 1,5 metr aşakda bolmalydyr.

Resminama Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde döwlet belligine alyndy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.