Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy

21.04.2024, 14:423,292

20-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow bilen duşuşdy.

Taraplar duşuşygyň barşynda GDA agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmeklige gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny maslahatlaşdylar. Şol sanda, syýasy, ykdysady, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda sport ulgamynda özara gatnaşyklar dogrusynda gürrüň edildi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň howandarlygynda 2024-nji ýyla meýilleşdirilen çärelere Türkmenistanyň gatnaşygyna aýratyn üns berildi.
Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk temasyna üns berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.