Serdar Berdimuhamedow «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça tabşyryklary berdi

25.04.2024, 23:3616,142

Wise-premýer N.Amannepesow 2023-2024-nji ýylyň okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabaralarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

25-nji maýda säher bilen Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky  Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky  27-nji otra mekdebindäki   Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak dabaralary geçiriler.
Şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň Baş baýdaklaryna gül goýmak dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Soňra ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli  “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen “Soňky jaň” dabaralary geçiriler.
Göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
Şol gün ýurdumyzyň bagtyýar uçurymlarynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlerine, seýilgählerine gezelençleriniň guralmagy meýilleşdirilýär.
25-nji maýda agşam ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem baýramçylyk çäreleri geçiriler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çäreler boýunça degişli guramaçylyk işlerini geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.