Aşgabat GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini kabul etmäge taýýarlyk görýär

25.04.2024, 23:527,030

2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mejlise taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

GDA-nyň  Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Maglumat brifingini, 23-nji maýda bolsa paýtagtymyzda degişli Iş duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekmek hem-de metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.