Birnäçe sekuntda zarýad alýan innowasion batareýa döredildi

26.04.2024, 14:376,767

Koreýanyň Ylym we Tehnologiýa Institutynyň (KAIST) alymlary sanlyja sekuntda zarýad alyp bilýän we ýokary kuwwatlylygy bolan natriý-ion gibrid batareýasyny (SIHES) döretdiler. Bu barada Energy Storage Materials žurnalynyň geçiren gözleglerine salgylanýan New-Science habar berýär.

Oýlap tapyş anod materiallaryny superkondensatorlara laýyk gelýän katodlar bilen birleşdirmek arkaly mümkin boldy.
SIHES-iň litiý-ion batareýalary bilen deňeşdirilende birnäçe artykmaçlygy bar:

  • Çalt zarýad alýar: sanlyja sekuntda zarýad alýar, bu litiý-ion elementlerinden ýüzlerçe esse çalt.
  • Sygymy uly: zarýady uzak saklamakda litiý-ion analoglaryndan pes däl.
  • Energiýa dykyzlygy ýokary: superkondensatorlaryň energiýa dykyzlygy bilen deň.
  • Bahasy arzan: Natriý litiýden müňlerçe esse arzan, bu SIHES-i öndürmegi has tygşytly edýär.
  • Ekologiýa taýdan arassa: Natrini gazyp almak litini gazyp almakdaky ýaly daşky gurşawa zyýan bermeýär.

SIHES-iň geljegiň elektronikasy üçin öwrülişik çözgüdi bolmak mümkinçiligi bar. Alymlar täze batareýanyň smartfonlardan başlap elektrik ulaglaryna çenli dürli enjamlarda ulanylyp bilinjekdigine ynanýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.