Büzmeýin etrabynda 320 orunlyk çagalar bagy gurlar

09.05.2024, 10:214,865

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň gündogar tarapynda 320 orunlyk çagalar bagy gurlar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine çagalar bagynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Berk Gala Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň maý aýynda başlamak we çagalar bagyny 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.