Hindistan ýarym geçirijileriň global bazaryna çykdy

09.05.2024, 15:295,958

Hindistanyň Tata Electronics öndürijisi ýarym geçirijileriň global bazaryna çykdy. Bu barada The Economic Times ýazýar.

Kompaniýa ABŞ-dan, Ýaponiýadan we birnäçe Ýewropa ýurtlaryndan hyzmatdaşlar bilen bilelikde öndürilen mikroshemalaryň çäkli toplumyny eksporta iberdi.

“Ýarym geçirijiler telekommunikasiýa we elektromobiller ýaly pudaklarda giňden ulanylýar. Eger biz bu segmentlerde ulanylýan çipleriň işlenip taýýarlanmagyna we öndürilmegine ünsi jemlesek, Hindistan mikroshemalar pudagynda dünýä lideri bolup, olary eksporta iberip biler” – diýip, respublikanyň aragatnaşyk, elektronika we sanly tehnologiýalar ministri Aşwini Waýşnawa belledi.

Çipleriň käbir modelleri heniz synag tapgyrynda. Söwda önümçiligi 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär. Ýarym geçirijiler Hindistanyň Gujarat ştatynda Tata Electronics bilen Micron Technology kompaniýasynyň bilelikdäki  zadowynda çykarylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.