Braziliýanyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyň we Germaniýanyň daşary işler ministrleri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly reformasyny geçirmäge çagyrdylar. Olaryň pikirine görä, guramanyň häzirki gurluşy häzirki zaman geosyýasy ýagdaýlara gabat gelmeýär hem-de Afrika we Latyn Amerikasy ýaly sebitleriň bähbitlerini hasaba almaýar.
Taraplaryň bilelikde çykaran beýanatynda şeýle diýilýär:
«Ministrler häzirki ýagdaýyň esasy sebäbiniň segsen ýyl ozal döredilen we häzirki geosyýasy ýagdaýy şöhlelendirmeýän, adamzadyň parahatçylyk hem-de howpsuzlyk ugrunda duş gelýän şu günki, şeýle-de geljekki kynçylyklary çözmäge päsgel berýän könelişen binýada esaslanýar diýen netijä geldiler».
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bäş sany hemişelik agzadan — ABŞ, Russiýa, Hytaý, Fransiýa we Beýik Britaniýa — hem-de Baş Assambleýa tarapyndan iki ýyllyk möhlet bilen saýlanýan 10 sany hemişelik däl agzadan ybaratdyr.
Ýaponiýa we Germaniýa eýýäm birnäçe ýyldan bäri Howpsuzlyk geňeşinde hemişelik orunlara eýe bolmagy talap edip gelýärler. Emma guramanyň agza döwletleri henizem onuň düzümini giňeltmek barada ylalaşyga gelip bilmediler.