Hindistan bugdaý eksportyna goýlan gadagançylygy ýatyrdy

Düýn, 12:183,699

Hindistan dört ýyl bäri bugdaý eksportyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Bu karar dünýä bazaryndaky üpjünçiligi artdyryp, däne importyna garaşly ýurtlaryň üstündäki ykdysady basyşy gowşadyp biler.

​Hindistanyň Daşary söwda meseleleri boýunça baş müdürliginiň duşenbe güni beren beýanatyna görä, eksporta rugsat derhal güýje girdi. Çäklendirmeler bugdaýyň gaty sortlary, un we beýleki däne önümleri üçin hem aýryldy.

​Hindistandan daşary ýurda bugsat ugratmagy 2022-nji ýylda gadagan edipdi. Ýurduň häkimiýetleri bu çäklendirmeleri çylşyrymly geosyýasy ýagdaýlaryň täsirinde däne bahalarynyň ýokarlanmagy zerarly içki bazarda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen girizipdiler.

​Şondan bäri obasenagat pudagynda ýeterlik öňegidişlik gazanyldy. Soňky oba hojalyk ýylynda Hindistan 120,6 million tonna bilen rekord mukdarda bugdaý ýygnady. ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň (USDA) çaklamasyna görä, 2026/2027-nji oba hojalyk ýylynyň ahyryna çenli ýurtdaky däne ätiýaçlyklary-da rekord derejä ýetip biler.

​Fewral aýynda Hindistan çäklendirmeleri eýýäm biraz gowşadyp, daşary ýurtlara bellenen mukdarda haryt ugratmaga rugsat beripdi. Ol karar hasyl bolçulygy, içki bazardaky artykmaç teklip we bahalaryň arzanlamagy sebäpli kabul edilipdi.

​Gadagançylygyň doly ýatyrylmagy, Gara deňiz portlaryndan däne ugratmakdaky çäklendirmeleri nazara alsaň, aýratyn-da Aziýa, Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna bugdaý akymyny artdyryp biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.