Hindistan zergärçilik önümleriniň ýyllyk eksportyny $100 milliarda ýetirmegi maksat edinýär

Düýn, 23:041,161

Hindistan gymmatbaha daşlaryň we zergärçilik önümleriniň eksportyny 2040-njy ýyla çenli 100 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär. 2025–2026-njy maliýe ýylynda bu görkeziji, takmynan, 28 milliard dollara barabar boldy.

ANI agentliginiň habar bermegine görä, ýurduň hökümeti şol 100 milliardlyk sepgide goşulan gymmaty ýokary bolan önümler, şaý-sepleriň döwrebap dizaýny hem-de täze tehnologiýalar arkaly ýetmegi göz öňünde tutýar.

Hünärmenler pudagy 2040-njy ýyla çenli ösdürmegiň strategik meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda esasy wezipeleriň birnäçesi kesgitlenildi:

  • Hindi kompaniýalarynyň dünýä bazarlaryndaky gerimini artdyrmak;

  • Innowasiýalary ösdürmek;

  • Hünärmenleri taýýarlamak;

  • Önümleriň goşulan gymmatyny ýokarlandyrmak.

Hindistanyň söwda we senagat ministriniň orunbasary Rajeş Agrawal pudagy özgertmek üçin innowasiýalara, dizaýna we sarp edijiniň ynamyna gönükdirilen ekoulgamy döretmegiň zerurdygyny belledi. Onuň pikiriçe, öndürijiler dizaýn we brend gymmaty ýokary bolan harytlara geçmeli.

Häkimiýetler emeli aňa, 3D-çap etme usulyna we beýleki tehnologiýalara aýratyn üns bermegi maksat edinýär. Şeýle hem hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilýän maýa goýumlary köpeltmek we zergärlik hünärine ýaşlary çekmek meýilleşdirilýär.

Ileri tutulmaly ugurlaryň ýene biri medeni mirasy we däp bolan äheňleri döwrebap dizaýn bilen utgaşdyrmakdan ybarat. Häkimiýetler şeýle çemeleşmäniň hindi önümleriniň dünýä bazaryndaky geçginliligini ýokarlandyrmaga kömek etjekdigine ynanýar.

Aýratyn üns beriljek beýleki ugurlaryň hatarynda kiçi we orta telekeçiligi giňeltmek, eksport-import amallaryny ýönekeýleşdirmek, «Hindistanda öndürilen» (Made in India) brendini ilerletmek we täze dizaýnerçilik başarnyklaryny ösdürmek hem bar.

Hökümet 2040-njy ýyla çenli bu pudagyň Hindistanyň jemi içerki önüminiň 1,2 göterimini we ýurduň haryt eksportynyň 14 göterimini emele getirmegine garaşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.