11-nji maýda Ýere soňky 20 ýylda iň güýçli magnit hadysasy aralaşyp biler

10.05.2024, 07:5815,426

Şenbe güni, 11-nji maýda Ýerde soňky 20 ýylda iň güýçli (G5) magnit hadysasy bolup biler. Bu barada RIA Nowosti agentligi Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň ýolbaşçysy Sergeý Bogaçýowa salgylanyp habar berýär.

Alymyň aýtmagyna görä, soňky üç günde Gün Ýere tarap plazmanyň dört sany kuwwatly buludyny zyňdy. Bu akymlar toplanyp, Ýeriň magnitosferasyna eýýäm şu gije aralaşar. Magnit tupanynyň iň ýokary derejesiniň G5-e barmak mümkinçiligi 15% çaklanylýar.
Şeýle derejedäki magnit hadysasy elektrik ulgamlaryň işinde bökdençlik döredip biler, GPS-nawigasiýada näsazlyklar ýüze çykyp biler. Şeýle hem howanyň üýtgemegine bagly adamlaryň saglygyna täsir eder.
Soňky gezek G5 derejedäki magnit hadysasy Ýere 2005-nji ýylda aralaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.