Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynda elektron maglumat binýatlar ulgamy dörediler

10.05.2024, 23:138,190

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynda elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 10-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Wise-premýer awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek we ornaşdyrmak, olaryň elýeterliligini we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi. Hususan-da, wise-premýer Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynda binýatlar ulgamyny döretmegiň we ornaşdyrmagyň tehniki şertleriniň  we tehniki ýumşuň taslamasy barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Pensiýa  gaznasynyň alyp barýan işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany bu işde sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň, onuň mümkinçiliginden doly  peýdalanmagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de wise-premýere bu ulgamda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.