16-njy maýda Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň mejlisi geçiriler

11.05.2024, 06:303,814

16-njy maýda Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçiriler. Mejlise taýýarlyk görlüşi barada Raşid Meredow 10-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, bu halkara ähmiýetli çäräni ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mejlisiň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanylyp, häzirki wagtda Jemleýji resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Bu resminamada mejlisiň netijeleri öz beýanyny tapar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.