Samsung arkasy deri panelli Galaxy F55 smartfonynyň hödürlenjek senesini yglan etdi

12.05.2024, 09:049,240

Samsung kompaniýasy özüniň täze Galaxy F55 smartfonynyň görkeziljek senesini resmi taýdan tassyklady. Bu çäre 17-nji maýda Hindistanda geçiriler. Smartfonyň bahasynyň 240-360 dollar bolmagyna garaşylýar diýip, gagadget.com habar berýär.

Çeşmeler Galaxy F55-iň ýaňy-ýakynda Hytaýda ilkinji gezek çykan Galaxy C55 smartfonynyň rebrend görnüşi boljakdygyny belleýär.

Galaxy F55-iň aýratynlyklary:

  • FHD+ durulygy we 120 Hz täzeleniş tizligi bilen 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED displeý
  • Qualcomm Snapdragon 7 Gen 1 prosessor
  • 45 watt zarýad bermek üçin 5000 mAh batareýa
  • Üç esasy kamera: 50MP+8MP+5MP
  • Arkasy emeli deri panelli
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.