Aşgabadyň gününe bagyşlanan sergä 160-dan gowrak ýerli we daşary ýurtly kompaniýalary gatnaşar

18.05.2024, 03:015,458

24–25-nji maýda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIII  köpugurly halkara sergisine 160-dan gowrak ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň, kärhanalaryň, hususy telekeçileriň we işewürleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow Hökümet mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Aşgabat şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramagynda her ýyl geçirilýän bu serginiň maksady ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini, gaýtalanmajak gözelligini, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitlerini tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Däp bolan bu sergi halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda, türkmen paýtagtynyň şähergurluşygy babatda gazananlaryny dünýä ýaýmakda we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmekde, maýa goýumlary we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde, türkmen telekeçileriniň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we täze hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.