Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gyrgyzystanyň ilçisi bilen duşuşdy

23.05.2024, 01:332,655

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşdy. Duşuşyk 20-nji maýda geçirildi diýip, ýurdymyzyň Mejlisiniň resmi web saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldanylmagynyň, iki döwletiň arasyndaky dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň taraplar üçin hem bähbitli boljakdygy nygtaldy.