2024-nji ýylda Türkmenistan boýunça ýene 5 sany suw arassalaýjy desga ulanylmaga berler

23.05.2024, 14:5912,862

2024-nji ýylyň dowamynda Tejen şäherinde, Esenguly etrabynda, Gyzylarbat şäherinde, Tagtabazar we Türkmengala etraplarynda suw arassalaýjy desgalary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu barada  Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen “Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda belledi.

"Şu ýylyň dowamynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Gyzylarbat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Türkmengala etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu döwrebap desgalar ilatymyzy ýokary hilli arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge ýardam eder. Arassa agyz suwy adamlaryň saglygyny goramaga, ömür dowamlylygyny artdyrmaga uly mümkinçilik döredýär" diýip, Serdar Berdimuhamedow çykyşynda belledi.

Belläp geçsek, şu ýylyň 8-nji maýynda döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan döwrebap suw arassalaýjy desga işe girizildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.