2024-nji ýylyň iýun aýynda haýsy günlerde magnit hadysalaryna garaşylýar?

01.06.2024, 06:5218,135

2024-nji ýylyň iýun aýynda geomagnit işjeňliginiň ýokarlanmagynyň birnäçe döwürlerine garaşylýar.

Çaklamalara görä, iň güýçli magnit hadysalary:

  • 1-2-nji iýun: iň ýokary işjeňlik 4 balla ýeter;
  • 8-12-nji iýun: işjeňlik 4 baldan başlap, kem-kemden 3-e düşer;
  • 23-nji iýun: 3 ballyk tupana garaşylýar;
  • 28-29-njy iýun: işjeňlik 3 bal bolar;

Bu günlerde howa şertlerine garaşly adamlara sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek we lukmanlaryň maslahatlaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem hroniki keselleriň agyrlaşmagynda ulanylýan zerur dermanlary ýanynda saklamak maslahat berilýär.
Şeýle hem kofe, güýçli çaý we alkogolly içgileriň sarp edilmegini azaldyp, açyk howada köp wagt geçirmek we bedenterbiýe işjeňligini çäklendirmek zerurdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.